Zemmhome – öýüňiziň bezegi!

Biziň onlaýn dükanymyzdan dürli islegleriňize görä dünýä belli meşhur elita markalaryndan ajaýyp harytlary satyn alyp bilersiňiz. Ajaýyp häzirki zaman mebeller, öý bezeg esbaplary, nepis elde dokalan halylar, dizaýner yşyklandyryş enjamlary, ýumşak dokma önümleri we ýokary hilli gap-gaçlar öýüňizde hakykatdanam rahatlyk döreder we özboluşly estetika berer. Interýeriňizi ussat we özboluşly doldurmaga we öýüňizde sazlaşyk atmosferasyny döretmäge kömek ederis. Şeýle-de harytlaryň özüni görüp, sergilenen dükänymyzda olaryň ýokary hiline baha berip bilersiňiz. Biziň harytlarymyz göçürme ýa-da nusgalar däldir, hödürlenýän harytlarymyzyň ählisi gönüden-göni lýuks öndürijilerden getirilen.

Size hödürleýän harytlarymyz ulanmak üçin ygtybarly we olaryň ýokary hili diňe tebigy materiallara esaslanýar. Biz häzirki döwrebap tendensiýalary yzygiderli yzarlaýarys we täze çözgütleri tükeniksiz gözleýäris. Eger gözelligi we hili gymmatlaýan bolsaňyz, Zemmhome™ önümleri siziň göwnüňizde biperwaý galmaz.

Biziň agzybir toparymyz - Zemmhome™ maşgalasy

Türkmenistanyň bazarynda 1-nji orna çykmak we türkmen halkynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gijämizi gündiz edip işleýäris, müşderilerimiz bilen elmydama aragatnaşyk saklaýarys we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen hemişe kämilleşýäris. Siziň üçin biz - saýlanan we özboluşly ýasalan diňe iň ýokary hil ülňülere daýanýarys.

Biziň harytlarymyz

Mebel we öý bezegi esbaplary

Internet sahypamyzda köp funksiýaly enjamlary we ýönekeý gelşikli durkusy bilen tebigy agaçdan ýasalan premium dizaýner mebelleriniň giň toplumyny hödürleýäris. Islegleriňize görä dürli görnüşli önümleri - klassiki mebellerden ýönekeý mebellere çenli tapyp bilersiňiz. Reňkleriň baýlygy, seçimleriň giňligi we ergonomika size özboluşly interýer döretmäge mümkinçilik berer.

Gap-gaçlar

Gap-gaçlar owadan we ajaýyp bolup biler, şeýle hem aşhana ýaly möhüm otagyň keşbini dolduryp biler. Zemmhome - gap-gaçlarynyň ýygyndysy bilen saçagyňyzy bezäň, şeýlelik bilen, hyzmat etmek ýakymly prosedura bolar. Şonuň üçin size Ýewropanyň saýlanan ýokary hilli aşhana gap-gaçlaryny hödürlemek isleýäris. Birinji derejeli öndürijilerden ýokary hilli we owadan gap-gaçlar bilen nahar bişirmegiň yşkyna düşmek aňsat.

Halylar we kilimler

Öňdebaryjy dünýä markalarynyň halylary bilen öýüňize lýuks we rahatlyk goşuň. Halylarymyz diňe tebigy çig maldan ýasalan. Sintetiki önümlerden tapawutlylykda, olar tozan ýygnamaýarlar, artykmaç çyglylygy siňdirmeýärler, elektrikleşdirmeýärler we ulular üçinem, çagalar üçinem düýbünden zyýansyzdyr. Islegiňize görä öýüňiziň otag dizaýny üçin öz halyňyzy saýlap bilersiňiz.

Bezeg

Bezeg önümleri öýüň eýesiniň derejesini beýgeldýär we tagamy hakda gürleýär. Size we myhmanlaryňyza ýakymly boljak daş-töweregi bezejek we hakyky nepis şekilleri - Zemmhome kolleksiýasynda taparsyňyz. Öý dizaýnynyň möhüm elementi, hatda iň tejribeli adama özboluşlylyk we lezzet berýän jikme-jiklikleridir.

Öý tekstili

“Rahatlyk” sözüniň sinonimi – bu iň ýokary hilli matalardan dokma önümlerdir. Ýüpek ýaly ýeňil, teniňe ýakymly we ulanmaga ygtybarly - bular onlaýn dükanymyzdaky kaşaň dokma önümleriniň esasy aýratynlyklarydyr. Önümimizi ajaýyp tikini, tikiliş usullary we çydamlylygy tapawutlandyrýar.

Yşyklandyryş

Çeper eser yşyklandyryş enjamlary – bu diňe hyýal däl, Zemmhome dükanymyzda bu hakykat. Yşyklandyryş enjamlaryň önümçiliginde kristal we poslamaýan polat, aýna we gymmat bahaly agaçlar ulanylýar. Biz ünsimizi gözellikde we çydamlylykda jemleýäris, şonuň üçin önümlerimiz siziň lapyňyzy keç etmez we uzak wagtlap size hyzmat eder.